Onore de Balzak

Honoré de Balzac (1842).jpg

Onore de Balzak

(1799-1850)

Beýik fransuz ýazyjysy Onore de Balzak 1799-njy ýylda Tur şäherinde, daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy ogluny aklawjy edip ýetişdirmekçi eken, şonuň üçin Balzak ilki Wandom kolležinde, soňra Parižiň hukuk mekdebinde bilim alýar. Emma özdiýenli Balzak eýýäm ýetginjeňlik döwründen ömrüni edebiýata bagş etmek kararyna gelýär. 1823-nji ýyldan başlap Balzak dürli lakamlary ulanyp, neşirýatda birnäçe romanlary bilen çykyş edip başlaýar, emma onuň bu gowşak eserleri üstünlik gazanmaýar. Diňe ilkinji gezek öz adyndan çykaran “Şuanlar” atly taryhy romany oňa meşhurlyk getirýär. 1830-nji ýylda çykaran “Gobsek” powesti onuň adyny Fransiýanyň iň öňdebaryjy ýazyjylarynyň hatarynda goýýar. Balzagyň mundan soňky döreden “Şagren derisi”, “Otuz ýaşly aýal”, “Gorio ata”, “Ýewgeniýa Grande”, “El üzülen arzuwlar”, “Polkownik Şaber”, “Sezar Birotto”, “Lui Lamber” eserleri eýýäm öz döwründe bütin dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdiler. Ýazyjy ýazan ähli eserlerini bir topluma düzüp, oňa “Adamzat komediýasy” diýip, umumy at goýýar, şonuň üçin eserleriň ählisi belli bir derejede biri-biri bilen baglanyşýar, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Şeýle etmek bilen Balzak öz döwrüniň Fransiýasynyň taryhyny hemmetaraplaýyn açyp görkezmek isläpdir.Onore de Balzagyň döwürdeşlerine ýetiren täsiri örän ulydyr. Stendal, Gýugo, Lew Tolstoý ýaly ýazyjylar onuň ägirtligini ykrar edipdirler. F.M. Dostoýewskiý ýaş wagty Balzagyň “Ýewgeniýa Grande” romanyny rus diline terjime edipdir.Balzak 1850-nji ýylda Parižda aradan çykýar.Edebiýatda Balzak iň bir zähmetsöýer ýazyjylaryň biri hasaplanylýar. Ol eserleriniň üstünde günde 15-16 sagat işleýän eken. Her ýyl azyndan üç, dört, käwagtlar bolsa bäş, alty kitap dagy çykarýan eken. Ol “Adamzat komediýasy” üçin 115 sany roman ýazmakçy eken, emma diňe 98 sanysyny doly tamamlap ýetişipdir.

Other Languages
azərbaycanca: Onore de Balzak
башҡортса: Оноре де Бальзак
беларуская: Анарэ дэ Бальзак
беларуская (тарашкевіца)‎: Анарэ дэ Бальзак
български: Оноре дьо Балзак
Mìng-dĕ̤ng-ngṳ̄: Honoré de Balzac
客家語/Hak-kâ-ngî: Honoré de Balzac
Bahasa Indonesia: Honoré de Balzac
Lëtzebuergesch: Honoré de Balzac
македонски: Оноре де Балзак
кырык мары: Бальзак, Оноре де
Dorerin Naoero: Honoré de Balzac
Nederlands: Honoré de Balzac
ਪੰਜਾਬੀ: ਬਾਲਜ਼ਾਕ
پنجابی: بالزاک
português: Honoré de Balzac
armãneashti: Honoré de Balzac
سنڌي: بالزاڪ
srpskohrvatski / српскохрватски: Honoré de Balzac
Simple English: Honoré de Balzac
slovenčina: Honoré de Balzac
slovenščina: Honoré de Balzac
српски / srpski: Оноре де Балзак
தமிழ்: பல்சாக்
తెలుగు: బాల్జాక్
татарча/tatarça: Оноре де Бальзак
ئۇيغۇرچە / Uyghurche: بالزاك
українська: Оноре де Бальзак
اردو: بالزاک
oʻzbekcha/ўзбекча: Honoré de Balzac
Tiếng Việt: Honoré de Balzac
Bân-lâm-gú: Honoré de Balzac
粵語: 巴爾扎克