Darwiniň Ewolýusiýa Teoriýasy

Darwiniň ewolýusiýa hakyndaky teoriýasy - Çaklama

Darwiniň ewolýusiýa hakyndaky teoriýasy, ähli ýaşaýyş biri-birine degişli we umumy urugbaşdan gaýdýar diýen çaklamadan durýar: guşlar we bananlar, balyklar we güller - ählisi biri-birine degişli we bagly bolup durýar. Darwiniň teoriýasyny umumy aýdanyňda janlynyň jansyzdan döremegine, kämilleşmegine daýanýar we arassa tebigy (gönükdirilmedik) "üýtgeşmeleriň netijeleridigini" nygtaýar. Ýagny beýle diýildigi: çylşyrymly organizimlerden durýan jandarlar, aslynda özleriniň has ýönekeý ata-babalaryndan wagtyň geçmegi bilen özgerdi diýiljek bolýar. Jemläp aýdanymyzda: organizmiň genetiki kodunda çem geldi mutasiýa[1] bolýar, peýdaly mutasiýalar ýygnalyp goýulýar, sebäbi olar ýaşaýyşyny, barlygyny dowam etmäge kömek edýär - bu yzgiderlilik bolsa "tebigy seçgi" diýilip bilinýär. Peýdaly mutasiýalar indiki nesile geçýär. Wagtyň geçmegi bilen peýdaly mutasiýalar toplanýar we düýbünden başga organizmiň döremegine getirýär (bu diňe asyl nusgasynyň üýtgemegine däl, eýsem tutuşlygyna üýtgeşik jandaryň döremegine sebäp bolýar).

[1] мутация - ж (1. hadysalaryň birden özgermegi, bir zatda birden üýtgeşikligiň bolmagy 2. biol. ösümliklerde, haýwanlarda duýdansyz täze alamatyň ýüze çykmagy). (ajapsozluk.com)

Darwiniň ewolýusiýa hakyndaky teoriýasy – Krizisdäki TeoriýaSoňky 50 ýylyň dowamynda molekulýar biologiýanyň, biohimiýanyň we genetika ylymlarynyň ägirt uly açyşlarynyň astynda Darwiniň ewolýusiýa hakyndaky teoriýasy „kölegede“ galýar. Öýjük derejesine düşenimizde on müňlerçe IRREDUCIBLY [2] çylşyrymly ulgamlaryň bardygyny bilýäris. Bu agzalyp geçilen çylşyrymlylyk mikroskopik biologik dünýäni öz içine alýar. Molekulýar biologiýaçy Maýkl Denton „10-uň minus 12 derejesindäki gram agyrlykdaky iň kiçijek bakteriýanyň öýjükleriniň şeýle kiçi bolmagyna garamazdan, hersi müňlerçe aýratyn taslanan, çylşyrymly molekulýar maşynlar toplumy bolan kiçeldilen zawod bolup, olar hem öz gezeginde ýüz müň milion atomlardan düzülmek bilen, ynsan tarapyndan gurulan zatlardan has köp çylşyrymly bolup durýar we jansyzlar dünýäsi bilen DÜÝBÜNDEN parallel däl.“ diýip "Evolution: A Theory in Crisis," atly kitabynda belläp geçipdir. (1986ý, sahypa. 250 )

[2] Irreducibly çylşyrymlylyk - iňlisçe "Irreducible complexity" = içindäki islendik bir bölegini aýrylan ýagdaýynda funksiýasy ýitirýän ulgamlary atlandyrmakda ulanylýan agalga, termin. (wikipedia-dan terjime edilen)

( ýokardaky ýazgylar şahsy terjime, çeşmesi http://www.darwins-theory-of-evolution.com/ )

AKYLLY TASLAMA TEORIÝASY

Darwiniň döwründen başlap ýakyn geçmişe çenli ýeke öýjüklilik "ýönekeý gurluşly" diýip bilinýärdi. "Çylşyrymly gurluşlaryň, wagtyň geçmegi bilen ýönekeý gurluşlardan basgançak-basgançak emele gelýär" diýip hasap edilýärdi. Öýjük we molekulýar derejelerde geçirilen işleriň netijesinde "ýokary derejeli gurluşly jandarlaryň we çylşyrymly organlaryň, sada görnüşlilerden üýtgäp döräp bilmeýär" diýen netijä gelinýär. Sebäbi her bir organyň ýerine ýetirýän wezipesi örän çylşyrymly we garyşyk wakalaryň yzgiderli dowamlylygynyň netijesidir. Her bir organ öz wezipesini ýerine ýetirip bilmek üçin ähli şertleriň şol bir wagtyň özünde bar bolmasy hökmandyr, bolmasa ulgam öz işini ýerine ýetirip bilmýär.

Bu düşündirişleriň manysy sada dilde aýdanymyzda: biologik wakalaryň uly bölegi ÖRÄN çylşyrymlydyr, ýönekeý bir ýa iki basgançakly hadysa däldir. Şeýlelikde bu biologik reaksiýalar "öz-özünden bolma" ýa-da "tötänlik" bilen düşündirmek mümkin däl. SEBÄBI ýokarda hem Maýkl Denton daýynyň belläp geçişi ýaly bu biologik hadysalarda, hatda 10-nuň minus 12 derejesindäki gram agyrlyndaky bir ÖÝJÜGIŇ içindäki bolup geçýän wakalar ŞEÝLE BIR planlaşdyrylan, programmalanan we ŞEÝLE BIR ÇYLŞYRYMLY gurluş ýüze çykmakda.

ÝAGNY Darwiniň hasaplaýşy ýaly, has dogrusy ŞOL DÖWRÜNIŇ mümkinçiliklerine görä netije çykaryşy ýaly bir öýjükli jandar ASLYNDA beýle bir däl ASYL ýönekeý däl, ýokarda bellenilip geçilen molekulýar biologiýaçy Maýkl Denton aýdanlaryna TÄZEDEN göz aýlaň.

Biohimýaçy Michael J. Behe planly ýaşaýyş pikirini ulgamlaşdyrmakda köp iş bitirenleriň öň hatarynda ýer almakdadyr. "Darwiniň gara gutusy" atly kitabynda öňe sürýän "Akylly taslama teoriýasy" bilen Darwiniň teoriýasyna garşy öňe sürülen teoriýalaryň içinde iň çylşyrymlysydyr.

Michael J. Behe käbir biohimiki meselemleriniň üsti bilen "biologik wakalara bir plan we programmanyň gerek bolýandygyny" düşündirmäge synanyşýar. Olardan käbirleri YNSANYŇ GÖRMEK HADYSASY, "GYLJAGAZLAR", BAKTERIÝA GAMÇYSY (Flogellatum), GANYŇ GATAMAGY, ÖÝJÜKLERIŇ IÇINIŇ GURLUŞY örän ÇYLŞYRYMLYLYGY, GORANMA ULGAMLARY, Adenozin Mono Fosfat (AMP)’nyň sintezi, MOLEKULÝAR EWOLÝUSIÝA HAKYNDAKY edilen gözlegler hakynda giňişleýin http://www.sorularlaevrim.com/makale/akilli-tasarim-teorisi-152.html salgysyndan we Maýkl daýynyň kitaplaryndan okap bilersiňiz. ( şahsy terjime, çeşmesi http://www.sorularlaevrim.com/makale/akilli-tasarim-teorisi-152.html )

IŇ GYZYKLY ÝERI

Irreducibly çylşyrymlylygy görmek üçin bize mikroskop gerek däl: GÖZ, GULAK, ÝÜREK... bularyň bary Irreducibly çylşyrymlylyga mysal bolup biler. EMMA Darwiniň ýaşan göwründe beýle hasaplanmaýardy. WE Darwin boýun alypdy: "Gözüň tapawutly aralyklara aýdyňlaşdyrmagy (focus), dürli dereje yşygyň geçmesini sazlamagy, şar şekiliniň ýa-da reňk aberrasiýasyny[3] düzeltmegi üçin ulanýan DEŇI-TAÝY BOLMADYK emellerini tebigi seçgi arkaly döredi diýsek, MEN ERKEKÇE BOÝUN ALÝAN, bu baryp ýatan, iň ýokary derejeli ABSURD, BOLGUSYZ PIKIR, MANYSYZLYK, PATARRAKY bolar." diýip Darwin daýy özüniň "On the Origin of Species by Means of Natural Selection, or the Preservation of Favoured Races in the Struggle for Life," atly kitabynda (1859ý), 155-nji sahypasynda aýdyp geçipdir.

"To suppose that the eye with all its inimitable contrivances for adjusting the focus to different distances, for admitting different amounts of light, and for the correction of spherical and chromatic aberration, could have been formed by natural selection, seems, I freely confess, absurd in the highest degree." (Darwiniň ýokardaky sözleriniň asyl nusgasy)

[3. аберрация (ж) (1. optiki gurallaryň görkezýän şekilleriniň ýoýulmagy ýa-da ýeterlik aýdyňsyzlygy] ajapsozluk.com( ýokardaky ýazgylar şahsy terjime, çeşmesi http://www.darwins-theory-of-evolution.com/ ) AKYLLY TASLAMA TEORIÝASY (goşmaça maglumat)

Akylly taslama teoriýasy şulara daýanýar: 1) Irreducibly çylşyrymlylyk. 2) Bellenen çylşyrymlylyk. 3) antrop nazarýeti.

1) Irreducibly çylşyrymlylyk - iňlisçe "Irreducible complexity" = içindäki islendik bir bölegini aýrylan ýagdaýynda funksiýasy ýitirýän ulgamlary atlandyrmakda ulanylýan agalga, termin. (wikipedia)

ÝAGNY ýaşaýyş - bu biri-birine peýdaly bolmak üçin birek-birege bagly bolup durýan böleklerden durýar. Çemgeldi mutasiýa täze bir bölegiň döremegine getirip biler EMMA anyk bir işi ýerine ýetirýän ulgamy döretýän bölekleri döredip, jemläp BILMEZ. MESELEM: Ynsanyň gözi örän peýdaly ulgam, EMMA göz bäbegi bolmasa oktik nerwri, görüş gababy, çemgeldi mutasiýadan dörän GÖZ bäbegi bilen birleşip peýdaly ulgam döräp bilmez we şeýlelikde eger biziň gözümiz tebigy seçgi esasynda ýok bolup giderdi. Umuman gözümiziň ähli bölekleri ýerinde we işlemeýän bolsa ol peýdaly ulgam bolmaýar we DARWIN teoriýasyna görä GÖZSÜZ gezmeli biz.

2) Bellenen çylşyrymlylyk - bu şeýle düşünje, ýagny organizmlerde bellenilen çylşyrymlyklar bolup biler, ýöne olaryň şol ýerde bolmagyna hökman bir Ýolbaşçynyň (öz pikirimde Alla) täsiri bolmaly. Bellenilen çylşyrymlylyk şu ýagdaýa dawa edýär, ýagny şol organizimdäki bellenilen çylşyrymly bölekleriň GABAT-GELDI çemgeldiniň esasynda toplanyp şol organizimi döretmejegine YNANÝARLAR. MESELEM: bir otagda 100 sany MAÝMYN we 100 sany kompýuter goýsak, miliard ýylyň geçmegi bilen belki bir söz, hatda sözlem döretmekleri mümkin EMMA Şeksipiriň pesasyny weli ýazyp BILMEZLER! INDI BOLSA BIOLOGIK DURMUŞYŇ ŞEKSIPIRIŇ PESASYNDAN NÄHILI DEREJEDE ÇYLŞRYMLYDYGYNY GÖZ ÝETIRMEK ÜÇIN GIDIP AZAJYK GYZYKLANYP GÖRÜŇ!

3) Antrop nazarýeti - bu nazyrýet ýaşaýyşyň bolmagy üçin dünýä we älem-jahan AJAÝYP SAZLANAN. MESELEM: howadaky elementleriň gatnaşygy azajyk hem bolsa üýtgese ÝAŞAÝYŞ TAMAM, ýer günden sahelçe uzak ýa-da ýakyn bolsa ÝAŞAÝYŞ TAMAM, ýerde ýaşaýyşyň döremegi we dowam etmesi üçin ŞEÝLE BIR köp ÜÝTGÄP BILÝÄN zatlaryň BIRI-BIRLERI bilen sazlaşmalyki BU sazlaşyk ÇEMGELDI-GABAT GELDI prosesleriň netijesi diýip kabul etmek üçin hakykatdan hem ATAŇ MAÝMYN bolmaly.

Other Languages
Afrikaans: Darwinisme
aragonés: Darwinismo
العربية: داروينية
asturianu: Darvinismu
azərbaycanca: Darvinizm
български: Дарвинизъм
català: Darwinisme
čeština: Darwinismus
dansk: Darwinisme
Deutsch: Darwinismus
Ελληνικά: Δαρβινισμός
English: Darwinism
Esperanto: Darvinismo
español: Darwinismo
eesti: Darvinism
euskara: Darwinismo
فارسی: داروینیسم
suomi: Darvinismi
français: Darwinisme
galego: Darwinismo
हिन्दी: डार्विनवाद
hrvatski: Darvinizam
magyar: Darwinizmus
հայերեն: Դարվինիզմ
Bahasa Indonesia: Darwinisme
ქართული: დარვინიზმი
қазақша: Дарвинизм
Кыргызча: Дарвинизм
Latina: Darwinismus
lietuvių: Darvinizmas
македонски: Дарвинизам
Bahasa Melayu: Darwinisme
Nederlands: Darwinisme
norsk: Darwinisme
polski: Darwinizm
português: Darwinismo
русский: Дарвинизм
संस्कृतम्: जीवविकासवादः
Scots: Darwinism
Simple English: Darwinism
slovenčina: Darvinizmus
slovenščina: Darvinizem
српски / srpski: Дарвинизам
svenska: Darwinism
тоҷикӣ: Дарвинизм
Türkçe: Darwinizm
українська: Дарвінізм
اردو: ڈارونیت
oʻzbekcha/ўзбекча: Darvinizm
Tiếng Việt: Học thuyết Darwin